مولانپس Mullanepes

مولانپس Mullanepes

On dokuzynjy asyryň türkmen edebiýaty, geçen asyrda ýaşan şahyrlaryň stiline eýerýän köp sanly şahyrlaryň kömegi bilen ösdi. On dokuzynjy asyryň türkmen nusgawy edebiýatynyň bu öňdebaryjy wekilleriniň biri Mollanepesdir

Ner gezgin

Ner gezgin

Köňlüm, saňa nesihat,

gezseň serbeser gezgin,

Tany dosty-duşmanyň,

öýňe bahabar gezgin,

Ganym bilen garjaşsaň,

daýym muştiper gezgin.

Gezseň dünýä ýüzünde,

dowam täze-ter gezgin,

Kyrk ýyl maýa gezinçäň,

bütin bir ýyl ner gezgin.

Iki adam uruşsa,

öter ýaly ýol berme,

Birisine gep berip,

ol birine al berme,

Owwal adamdan gaçma,

gaçsaň asla el berme,

«Jan aga, özüň bil» – diýp,

her näkese ýalbarma,

Kyrk ýyl maýa gezinçäň,

bütin bir ýyl ner gezgin.

Nepes, hiç bir kem durma,

deňi-duş-u, dost-ýardan,

Pul tapmasaň göterme

näkes bile süýthordan,

Her dilände gam basar,

köňlüň dolar gubardan,

Dogmaz togsan dört ýylda,

bogaz bolsa är-ärden,

Kyrk ýyl maýa gezinçäň,

bütin bir ýyl ner gezgin.

Türkmen şahyry: Mollanepes ملانپس