-
اشعار انتخابی مولانپس Mullanepesiň saýlanan goşgulary
چهارشنبه 3 مرداد 1403 22:18
Mollanepes – Goşgular .Türkmen Sähra Kitaphanasy blog-a geçirildi .Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda Mazmuny : Mollanepes مولانپس Dişleriňe Zary bilen Gülüstanyma Ýar bir ýana, biz bir ýana Mollanepes Rähm etmezmiň halyma Hiç görmedim illerde Heserli Badam gabaklaryňdan Ol ýylan Näzli ýar Ýaý imdi Ýadyma...
-
Gitdim
چهارشنبه 3 مرداد 1403 20:58
Gitdim Gara gözüň, galam gaşyň Tirdir diýip, gaçdym gitdim. Ýalpyldysyn gara saçyň Mardyr diýip, uçdum gitdim. Aşyk bolup, hiç gezmeýen, Lebni bilmez, gant ezmeýen, Daň-säherler hiç dözmeýen, Gül dek ýüzüň açdym gitdim. Bilbil söýer bagyň gülün, Magşuk darar ol sünbülin, Dura bilmän, ýaryň bilin Emaý bilen guçdum...
-
Köňlüm
چهارشنبه 3 مرداد 1403 20:37
Köňlüm Ajyz ser ýassykda, ymzanmaz tenim, Hoşlaşyk salamyn berendir köňlüm. Dişlerim gyjynar, ýörimiz ganym, Ol pulsyrat oýnun görendir köňlüm. Hoş galyň, gülşenli eý tämiz baglar! Toý-tomaşa tutup gezilen çaglar, Boz goçly, marally, dumanly daglar, Size bir ajyzdyr, garandyr köňlüm. Gyş pasly ýetişdi, gutardy ýazym,...
-
Ner gezgin
چهارشنبه 3 مرداد 1403 20:28
Ner gezgin Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gezgin, Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin, Ganym bilen garjaşsaň, daýym muştiper gezgin. Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin. Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Birisine gep berip, ol birine al berme,...
-
Istäp ki gözel ýary
چهارشنبه 3 مرداد 1403 19:55
Istäp ki gözel ýary Istäp ki gözel ýary, gördüm ki salamatdyr, Baş goýdum aýakynda. «Tur! – diýdi – ne halatdyr?» Turdum, diýdim: «Arzym bar». – «Arz eýle adalatdyr!» Diýdim: «Saňa aşyk men...» «Goý – diýdi – ne hajatdyr?» Diýdim: «Periler hany, Sensiz neterem jany?» Diýdi: «Bu sözüň bizge ýalgançy hekaýatdyr»....
-
Bäri gel
چهارشنبه 3 مرداد 1403 19:17
Bäri gel Saňa düşdi nazarym, söýgüli janan, bäri gel. Saçy müşk isli ýufar, sünbüli-reýhan, bäri gel. Gül beden, gülgün reň, dony zerafşan, bäri gel. Al ýaňak, kirpigi ok, alma zenehdan, bäri gel. Janyňa sadka olam, bäri gel, eý jan, bäri gel! Gel otur gaşymda sen, zowky-jemalyň göreli, Gel ýüzüň şöhlesine saz bilen...
-
Diýdi: Aýt arzyň, myhman
چهارشنبه 3 مرداد 1403 19:04
Diýdi: «Aýt arzyň, myhman» Diýdim: «Aşyklar şasy!» Diýdi: «Aýt arzyň, myhman!» Diýdim: «Geçgil günähim!» Diýdi: «Ötdüm damja gan», Diýdim: «Tagtyň berkarar!» Diýdi: «Şeýle bipaýan». Diýdim: «Seniň deý şalar...» Diýdi: «Ýokdur bigüman». Diýdim: «Geldim. Guluň men». «Tur git, – diýdi, – musulman!» Diýdim: «Ol ne...
-
Geldi ana jananyň
چهارشنبه 3 مرداد 1403 18:52
Geldi ana jananyň Buşluk, saňa janu ten, geldi ana jananyň, Arzuwy-wysal bilen ol näzli gadyrdanyň Isterki dowa senden, al eliňe galamdanyň, Barmakny katyp ýazgyl, ýok bolsa syýadanyň, Kagyza salyp nagş et, ol serwi huramany. Eý göz maňa gile etme, janana gidenden soň, Bak ýagşy nazar birle, gülgün ýüzüni görseň,...
-
Owadan gelin
چهارشنبه 3 مرداد 1403 18:33
Owadan gelin Eýran, Turan, arap, ajam ilinde Görmedim seniň deý owadan gelin. Jahan ragnasynda, bagyň gülünde Bolmaz özüň kimin gül beden gelin. Gözleseň, jan alar gara gözleriň, Ölini direlder şirin sözleriň, Alma ýaňaklaryň, güler ýüzleriň, Şirindir lebleriň miweden, gelin! Gara üzüm sen, şerbet bilen ýutmaga, Takat...
-
Köňlüm
چهارشنبه 3 مرداد 1403 18:30
Köňlüm Söýdüm bir perini, isledim rahat, Talwas eýlär her dem ol ýara köňlüm; Hiç rahat görmedim, ýetişdi apat, Pyrkat içre galdy azara köňlüm. Göýä pasly-bahar açylan güldür, Koýdüm hasratyndan, söwdügim güldür, Ýarym täze güldür, köňlüm bilbildir, Baryp kaçan gonar gülzara köňlüm. Tygy-peýkamyndan bagrym dilindi,...
-
Biten gyz
چهارشنبه 3 مرداد 1403 18:27
Biten gyz Bag Eremde, gül-gülüstan içinde Gudrat bilen bir şahada biten gyz. Waspyňny ýaza men destan içinde, Örme saçyň ak mämäňe ýeten gyz. Seniň kimin gözel bolmaz jahanda, Tamam hur-periler husnuňa bende, Leýliniň sypaty bar eken sende, Bu gün yşkyň söwdasyna batan gyz. Boýuň şejerge ogşar, ýüzüň zülala, Dişiň...
-
Berkarar bolsun
چهارشنبه 3 مرداد 1403 18:24
Berkarar bolsun Bizden salam bolsun Garaoglan hana, Döwletiň eliňde berkarar bolsun. Arap at, goç ogul, zynatdyr saňa, Söýmek, münmek saňa ygtyýar bolsun. Dünýä pany saraý, başga jaý degil, Müň ýyldyz jem bolsun, dogan aý degil, Dünýä ýalan, her haryslar han degil, Her ýerde seýranyň lälezar bolsun. Gelinler gaşyňda...
-
Oýanmadyň
چهارشنبه 3 مرداد 1403 18:20
Oýanmadyň Ýolum düşdi, geldim seniň gapyňa, «Ýar, oýangyl» diýdim, sen oýanmadyň. It-guş ah eýledi kylan zaryma, Ýatanlar oýandy, sen oýanmadyň... Daň-säherde öwser sabanyň ýeli, Men bilbilem, ýat eýlerem ol güli, Deňim-duşum aýdar: nedir hyýaly? Syrym paş eýledim, ýar, oýanmadyň. Gije garaňkydyr, gözlerim görmez,...
-
Aňsa
چهارشنبه 3 مرداد 1403 18:17
Aňsa Hindiniň awçysy çyksa şikäre, Özge aw islemez, pil sesin aňsa; Otag ören bolsa bilbili-zara, Otaga ot salar, gül sesin aňsa. Jereniň balasyn baksaň, bejerseň, Suw ýerine şeker-şerbetler berseň, Höregne gül berip, bir güni görseň, Watandan el gögär, çöl sesin aňsa, Gündize gün zynat, gijäge – mahtap, Kümüş zäge...
-
Gyz-gelniň aýdyşygy
چهارشنبه 27 تیر 1403 23:06
Gyz-gelniň aýdyşygy Bir gyz bilen bäs eýleýir bir gelin, Gelin aýdar: «Husnum erem bagydyr; Aşyk ähli tirsem diýer ter gülüm, Aşyk bolan bir-birine ýagydyr». Gyz hem aýdar: «Ýüzüm hurşydy-hawer, Husnum mähtäjidir mahy-münewwer, Uzyndyr boýlarym serwi-senuber, Ýaşym on dört, hup mestana çagydyr». Gelin aýdar: «Meniň...
-
Ýadyma düşdi
چهارشنبه 27 تیر 1403 22:50
Ýadyma düşdi Nägehan gezerdim güli-gülşende, Gülgün ýaňaklaryň ýadyma düşdi; Alma enaryna gözüm düşende, Alma ýaňaklaryň ýadyma düşdi. Hijr elinden çekdim pygany-nala, Elip dek kamatym ogşady dala, Arzuw eýläp ýete bilmen wysala, Aýralyk çaglaryň ýadyma düşdi. Ýüzleriň şemygdyr, syýa käkiller, Saçlaryň manendi...
-
Ýaý imdi
چهارشنبه 27 تیر 1403 22:36
Ýaý imdi Wysalyndan gamgyn köňlüm açyldy, Pyrkatyndan elip kaddym ýaý imdi. Ýüzüň nury älem ara saçyldy, Hergiz dogmaz özüň kimin aý imdi. Muştakdyr roýuňa bu dünýä pany, Ýoluňda gedadyr hanlaryň hany, Keşt eýledim on sekiz müň jahany, Hiç tapmadym bir zülpüňe taý imdi. Säher ýeli zülpuň perişan eder, Gamzaň okdur,...
-
Näzli ýar
چهارشنبه 27 تیر 1403 18:20
Näzli ýar Gara saçyň gije diýip, uklap men, Gündiz eken, çoh armanym, näzli ýar! Saba-säher wagty diýip, çaklap men, Çeşmim açsam, arman eken, näzli ýar! Gel, görüşseň keramatly goluňdan, Aýlanaýyn dahanyňdan, tiliňden, Gahar etme, golum salsam biliňden, Ataşgähi sen, suzanym, näzli ýar! Tarypyn eşitdim gara gözüňniň,...
-
Ol ýylan
چهارشنبه 27 تیر 1403 18:18
Ol ýylan Gara gözdür aşyklaryň guwanjy, Guran sözüň hasta janyň söýenji, Iki şamar saklap ýatyr bir genji, Genç üstünde halka guran ol ýylan. Men saňa aşyklyk lybasyn saldym, Niçe ýyl ugruňda saralyp, soldum, Mejnun deýin jismim otlarga saldym, Synalarmy göz-göz eden ol ýylan. Gara gözüň jan almagyň kastynda, Bilbil...
-
Badam gabaklaryňdan
چهارشنبه 27 تیر 1403 18:15
Badam gabaklaryňdan Sapaly söwdügim, gül ýüzli ýarym, Aýlanaýyn badam gabaklaryňdan. Boýlaryň tubydyr, kamatyň ar-ar, Gol uzadyp tutsam pudaklaryňdan. Seniň husnuň hergiz gözümden gitmez, Her niçe dalbynsam, saňa gol ýetmez, Sen bolmasaň Aý, Gün, älem ýarytmaz, Röwşen tapar gözüm ýaňaklaryňdan. Gaşyňny kakyban, gözüň...
-
Heserli
چهارشنبه 27 تیر 1403 18:12
Heserli Näzenin kamatyň, güler ýüzleriň Bir nowça nahaldyr gülli, semerli. Piste dodaklaryň, bal agyzlaryň Altyn piýaladyr gandu-şekerli. Ak gollar synada tapmyş kemaly, On barmakda ýüzük lagl mysaly, Serinde ebrişim, egninde aly, Sylaý gerdenleriň tylla tumarly. Zülpüň meňzär leňkebudyň taryna, Göwsüň meňzär kyrk...
-
Hiç görmedim illerde
چهارشنبه 27 تیر 1403 18:09
Hiç görmedim illerde Keşt edip gezmişem pany jahany, Sen deý gözel hiç görmedim illerde; Köňlümiň aramy, menzil-mekany, Şeýda köňül joşmaz özge güllerde. Il husnuňa dahyl, görmäge zar men, Yşgyňda bahar men, köýüňde nar men. Tä ölinçäm seniň ýoluň garar men, Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda. Säher seýle çyksa, ger...
-
Rähm etmezmiň halyma
چهارشنبه 27 تیر 1403 18:04
Rähm etmezmiň halyma Ýandyrdyň, köýdürdiň, näzli dildarym, Eý binurbat, rähm etmezmiň halyma? Rast kamaty serwi, çeşmi-hunhorym, Helal gaşyň ogşamazmy kemana? Intizaram görjek, eý peri-peýker, Husnuň mähtajydyr mahy-minewwer, Örüm-örüm saçyň – owsunjy aždar, Hurşyt ýüzüň ogşar genji-nahana. Serhowza gonmuşdyr bir ajap...
-
Mollanepes
چهارشنبه 27 تیر 1403 18:00
Mollanepes Gaflat ukusynda galdyň, Oýan imdi, Mollanepes! Kä sargaryp, kähi solduň, Oýan imdi, Mollanepes! Hijran bile bagr daglaşar, Seni görsem diýp çaglaşar, Söwer ýaryň çoh aglaşyr, Oýan imdi, Mollanepes! Bu dünýäge dürler doldy, Aýlar ýaşdy, günler galdy, Turgul imdi, wagt boldy, Oýan imdi, Mollanepes! Bir ýar...
-
Ýar bir ýana, biz bir ýana
چهارشنبه 27 تیر 1403 17:52
Ýar bir ýana, biz bir ýana Tiri-peýkamyn gizleýir, Gaş bir ýana, göz bir ýana. Dahanyn açyp sözleýir, Dil bir ýana, söz bir ýana. Hazan aýrylmaz gülümden, Bir gazal ýazdym tilimden, Ýaşylbaş uçdy kölümden, Suw bir ýana, gaz bir ýana. Söwdügim gözümden uçdy, Baryp rakyplara düşdi, Bir söý bile aýrylyşdy— Ýar bir ýana,...
-
Gülüstanyma
چهارشنبه 27 تیر 1403 17:47
Gülüstanyma Geldi galam gaşly gyz, Jilwe kylyp ýanyma; Kirpikleri tygma-tyg, Geçer meniň janyma. Men diýdim ki: «Roýy gül, Hyzmatyňda bendi gul, Gahryň goý-da, sabyr kyl, Suwsan bolsaň ganyma». Men diýdim ki: «Jan talaş, Didäm döker ganly ýaş, Bakmadyň-la bagry daş, Haly perişanyma». Bir şeýda bilbil bolsam, Ýana-ýana...
-
Zary bilen
چهارشنبه 27 تیر 1403 17:44
Zary bilen Toty tekellim bir peri, Sözlär şeker zary bilen. Şuňkar guşum bent eýlemiş, Her zülpüniň tary bilen. Görünse ýaryň gül ýüzi, Oltursa gije-gündizi, Ýar gelse tenha bir özi, Gelmese agýary bilen. Müşkün saçyn eýläp dügün, Halymny eýläpdir zebun, Razy men, öldürse bu gün Goýnundaky nary bilen. Bäh-bäh, ajaýyp...
-
Dişleriňe
چهارشنبه 27 تیر 1403 17:41
Dişleriňe Dür Derýadan çyka bilmez, Nazar kylsa dişleriňe. Dowzah meni ýaka bilmez, Ýanyp men ataşlaryňa. «Leýli-Şirin saňa taýdyr» – Diýseler, ol söz bijaýdyr. Elip deý kamatym ýaýdyr, Sežde eýläp gaşlaryňa. Bu dünýä hem ruzu-magşar, Haýyr etseň haýyr, şer etseň şer, Rahmet gökden ýerge düşer, Degip gara saçlaryňa....
-
ملانپس Mollanepes
چهارشنبه 27 تیر 1403 17:23
Mollanepes Türkmen Sähra Kitaphanasy blog-a geçirildi. Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda. «TURAN» Aşgabat, 1991 Mollanepes – Goşgular Kitapça türkmen klassygy Mollanepesiň goşgulary girizildi. «Ýedigen» kitaphanajygy – Aşgabat, «Turan» neşirýaty, 1991. — TSSR-iň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedowyň...