مولانپس Mullanepes

مولانپس Mullanepes

On dokuzynjy asyryň türkmen edebiýaty, geçen asyrda ýaşan şahyrlaryň stiline eýerýän köp sanly şahyrlaryň kömegi bilen ösdi. On dokuzynjy asyryň türkmen nusgawy edebiýatynyň bu öňdebaryjy wekilleriniň biri Mollanepesdir
مولانپس Mullanepes

مولانپس Mullanepes

On dokuzynjy asyryň türkmen edebiýaty, geçen asyrda ýaşan şahyrlaryň stiline eýerýän köp sanly şahyrlaryň kömegi bilen ösdi. On dokuzynjy asyryň türkmen nusgawy edebiýatynyň bu öňdebaryjy wekilleriniň biri Mollanepesdir

ملانپس Mollanepes

Mollanepes 


Türkmen Sähra Kitaphanasy blog-a geçirildi. Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda.


«TURAN» Aşgabat, 1991

Mollanepes – Goşgular

Kitapça türkmen klassygy Mollanepesiň goşgulary girizildi.

«Ýedigen» kitaphanajygy – Aşgabat, «Turan»

neşirýaty, 1991.

TSSR-iň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen.

Redaktor-düzüji: Tejen Nepesow.

Neşir üçin jogapkärler: Kömek Kulyýew, Anna Sous.

Suratçylar: Sülgün, Myrat, Annaguly Hojagulyýewler.

Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda,

kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli

seresaplyk çäreleri görlen hem bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim.com» sahypasy bu işdäki

informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn

ýitgi ýa zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň

öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

PDF-a geçirildi: 11. Sentýabr 2013

«Enedilim. com» sahypasynyň kitaphanasy.

 

Blog-a geçirildi: Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda


MOLLANEPES

(1810 — 1870)

On dokuzynjy asyryň türkmen edebiýaty, geçen asyrda ýaşan şahyrlaryň stiline eýerýän köp sanly şahyrlaryň kömegi bilen ösdi. On dokuzynjy asyryň türkmen nusgawy edebiýatynyň bu öňdebaryjy wekilleriniň biri Mollanepesdir.

Mollanepes —Beýik söz ussady XIX asyrda ýaşap geçen nusgawy şahyrymyzdyr. Beýleki nusgawy şahyrlarymyza garanyňda, Mollanepesiň terjimehalyna degişli köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Adamlarda gözel duýgulary, ajaýyp arzuwlary oýarýan şygyrlary bolan lirik şahyrymyz Mollanepes 1810-njy ýylda häzirki Sarahs etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasyna molla Kadyrberdi diýer ekenler. Kadyrberdiniň dört ogly bolupdyr, oalryň iň kiçisi Nepes bolupdyr. Örän ylymly, sowatly adam bolansoň, onuň adynyň öňüne “molla” sözi soň goşulyp, Mollanepes diýen at ýörgünli bolýar. Umuman öňki zamanlarda şahyrlara Molla Kemine, Molla Zelili ýaly epitet bilen ýüzlenilipdir. Mollanepes ilki oba mekdebinde soňra Maryda Molla Töre ahunyň medresesinde bilim alypdyr. Has soňrak Buhar medresesini tamamlap ahunlyk derejesine ýetipdir. Gündogaryň beýik söz ussatlary Nyzamynyň, Nowaýynyň, Firdewsiniň, Jamynyň Fizuliniň, Magtymgulynyň eserlerini ürç edip okapdyr. Şahyr arap, pars dillerinden gowy baş çykarypdyr. Şonuň üçin ol pars dili şahyrlaryň goşgularyny, poemalaryny asyl nusgasyndan okapdyr. Şeýle hem ol musulmanlaryň, hristianlaryň keramatly kitaplary bolan Gurhany, Injili gowy öwrenipdir. Muny onuň özüniň ölmez-ýitmez “Zöhre-Tahyr” dessanda ulanan Musa pygamber, Isa pygamber bilen baglanyşykly rowaýatlary hem tassyk edýär. 


DÖREDIJILIGI

Mollanepes döredijilik işine ýaşlykdan başlap, halk eserleri, türkmen we gündogar halklarynyň edebi ýadygärlikleri bilen içgin tanşypdyr hem-de şygyr sungatynyň inçe tilsimlerini ele alypdyr. Ol köp sanly goşgulary hem-de halkyň uly söýgüsini gazanan “Zöhre-Tahyr” dessany bilen türkmen halkynyň aňynda ebedilik orun aldy. Şahyryň döredijiliginiň esasy bölegi söýgi-ahlak, öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlardyr. Söýgi-ahlak: Mollanepesiň döredijiliginde yşky-ahlak häsiýetdäki şygyrlar esasy orny eýeleýär. Ol bu meselelere bagyşlap ýazan “Bäri gel”, “Haýrana galar”, “Söwdügim”, “Istäp ki gözel ýary”, “Kakar” ýaly onlarça goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň ahlak sypatlaryny, görk-görmeklerini, edim-gylymlaryny taryplamak bilen birlikde, ýaşaýşyň gönezligi söýgi diýen pikiri orta atypdyr. Öwüt-nesihat: Mollannepes öwüt-nesihat häsiýetdäki şygyrlarynda adamlara agzybirlikde hem-de özüňe berlen az pursatlyk ömre erk edip ýaşamaklygy ündew edýär. Şahyryň bu ugurdan ýazan goşgularynyň içinde “Ner gezgin” hem-de “Aňsa” goşgulary özüniň ähmiýeti taýdan has-da tapawutlanýar.


“ZÖHRE-TAHYR” DESSANY

Temasy, köp görnüşliligi. Mollanepes sözleriň süýjüsinden saýlap şygyr döretmek bilen birlikde, halk rowaýatlary esasynda “Zöhre-Tahyr” dessanyny-da ýazýar. Mollanepesden öň XVI asyrda ýaşap geçen özbek şahyry Saýýady hem “Tahyr we Zuhra” atly bir poema ýazýar. Ýöne bu poema gysga bolup, wakalar anyk berilmeýär. Edebiýat taryhynda bu sýužeti dessançylyk tärinde işlän ýeke-täk şahyr Mollanepesdir. Şahyr bu sýužeti täzeden işlemek, öz arzuw-hyýallaryny, oý-pikirlerini dessanyň içinde goşgy görnüşinde bermek bilen, ony millilik häsiýeti bilen-de baýlaşdyrypdyr.


Nepesi bizde YŞK MÜLKÜNIŇ ŞASY hasaplaýarlar.


Mazmuny:


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد